Žurnalistiň hukuklary we borçlary boýunça okuw sapagy

2022-nji ýylyň 1-2-nji dekabry aralygynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (OSCE) Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň habar beriş serişdeleriniň erkinligine degişli bentlerini ýerine ýetirmekde goldaw bermek» boýunça taslamanyň çäklerinde habarçylaryň hukuklary we borçlary barada okuw sapagy geçirildi.

Okuw sapagyna Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Aşgabat şäher kazyýetiniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Aklawjylar kollegasynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşdylar. Okuw sapagyny «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň bölüm redaktory Irina Imamkulyýewa, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň habarlar bölüminiň müdiri Serdar Agaýew, hukukçy Batyr Baýsähedow we wideoaragatnaşyk arkaly Beýik Britaniýadan Marek Bekerman  ýaly halkara bilermenler alyp bardylar.

Sapagyň dowamynda halkara bilermenler žurnalistleriň hukuklarynyň we borçlarynyň halkara ülňüleri, söz azatlygynyň Konstitusiýada berkidilişi, şeýle-de maglumat elýeterliligi, adam hukuklaryny goramak we pugtalandyrmak, awtorlyk hukugy barada giňişleýin düşünje berdiler.


Jemile PÜRJÄÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti 

 kafedrasynyň mugallymy.