“Öňüni alyş diplomatiýa” boýunça möwsümleýin okuwy tamamlandy

2023-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde “Öňüni alyş diplomatiýa” ugruna degişli tassyklanan okuw meýilnamasyna laýyklykda, 2022-2023-nji okuw ýylynyň 1-nji ýarym ýyllygynda dowam eden fakultatiw okuw sapaklarynyň ilkinji tapgyry ýokary derejede tamamlandy.

Bu okuw sapaklaryna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary işjeň gatnaşdylar. “Öňüni alyş diplomatiýa” ugry boýunça guramaçylykly geçen okuw sapaklaryna gatnaşan diňleýji talyplara ýörite Şahadatnamalar gowşuryldy.


Nazar ATAÝEW

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.