ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan umumy okuw sapagy

2023-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň (ÝUNESKO) arasyndaky ygtybarly hyzmatdaşlygyň gazananlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagy geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň gurnamagynda sanly ulgam arkaly geçirilen bu çärä ÝUNESKO-nyň ýurdumyzdaky Milli toparynyň Sekretariatynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri, ýurdumyzyň  ýokary okuw mekdepleriniň  professor mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Okuw sapagynyň barşynda  ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň jogapkär Sekretary, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi, f.y.k., Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa döwletimiz  bilen ÝUNESKO-nyň medeni diplomatiýany has-da ösdürmek boýunça bilelikde alyp barýan işleri, bu ugurda  ýetilmeli täze  belent sepgitler  barada täsirli  gürrüň berdi. Sapakda şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymlary Aýgözel Aşyrowa we  Habib Ataberdiýew çykyş edip,  türkmen diplomatiýasynyň  aýratynlyklarynyň, taryhda yz galdyran Beýik Seljuk imperiýasynyň parahatçylyga, ynsanperwerlige, adalatlylyga ýugrulan syýasatynyň esaslarynyň  we ýörelgeleriniň, Parfiýa döwletiniň goňşy ýurtlar  bilen alyp baran dostlukly daşary syýasatynyň,  Türkmenistanyň Bitaraplygynyň  esasy ugurlarynyň    üstünde durup geçdiler.   

Sapagyň ahyrynda talyplar myhmana we professor mugallymlara özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler hem-de  olar  bilen özara pikir alyşdylar.


Döwletýar ARÇAMYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.