Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň iş aýratynlyklary we onuň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri

2022-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň guramagynda «Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň iş aýratynlyklary we onuň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri» atly okuw sapagy geçirildi. Oňa institutyň I ýyl talyplary gatnaşdylar.

Okuw sapagyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň dosenti, tehniki ylymlarynyň kandidaty Öwezmyrat Bäşimow alyp bardy. Okuw sapagynda talyplar halkara ykdysady guramalar we olaryň görnüşleri, Türkmenistan bilen olaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk, galyberse-de, ulag logistika hakda pikir alyşdylar. Şeýle-de talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglary sorap, ykdysadyýet barada nazary bilimlerini artdyrdylar.


Selbi TÄŞLIÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara ykdysady gatnaşyklary

 fakultetiniň I ýyl talyby.