Ykdysady diplomatiýa ugry boýunça okuw sapagy

2023-nji ýylyň  15-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda  Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň  “Ykdysady diplomatiýa”  ugry boýunça Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň  talyplaryna  “Banklaryň döreýşi”  atly temadan okuw sapagy geçirildi.

Okuw sapagyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň  Halkara  ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň dosenti, teh.y.k. Öwezmyrat Bäşimow alyp bardy.

Bank adalgasy, häzirki döwürde bank ulgamynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde örän ýerliklidir. Halkara hyzmatdaşlykda banklaryň orny, ýerine ýetirýän wezipeleri barada bellenilip geçildi. Sapagyň dowamynda banklaryň kemala gelmegi, onuň ösmegi, taryhy döwürleri barada talyplara giňişleýin maglumatlar berildi.

Okuw sapagynyň dowamynda Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby Bilbil Berdiýewa özüniň “Bank ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň usullary” atly ylmy işiniň I tapgyry boýunça çykyş etdi.

Sapak sorag-jogap görnüşinde geçirildi. Talyplaryň soraglaryna anyk mysallaryň üsti bilen jogap berildi.


Gyzylgül GURBANMUHAMEDOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.