“Ykdysady diplomatiýa” boýunça möwsümleýin okuwy tamamlandy

2023-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde “Ykdysady diplomatiýa” ugruna degişli tassyklanan okuw meýilnamasyna laýyklykda, 2022-2023-nji okuw ýylynyň 1-nji ýarym ýyllygynda dowam eden fakultatiw okuw sapaklarynyň ilkinji tapgyry ýokary derejede tamamlandy.

Bu okuw sapaklaryna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary işjeň  gatnaşdylar “Ykdysady diplomatiýa” ugry boýunça guramaçylykly geçen okuw sapaklaryna gatnaşan diňleýji talyplara ýörite Şahadatnamalar gowşuryldy.


Jennet MYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.