DILLER — DOSTLUK KÖPRÜSI

2022-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» we «Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyň «Diller — dostluk köprüsi» atly iki aýlygyň çäklerinde «Sözleýişi ösdürmegiň netijeli treningi» atly okuw sapagyny geçmek boýunça bäsleşigiň nobatdaky tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň institutymyzdaky tapgyryna okuw sapagyny geçmek üçin Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Dünýä dilleri kafedrasynyň hytaý dili mugallymy Maral Ataýewa gatnaşdy. Mugallym ikinji daşary ýurt dili hökmünde hytaý dilini öwrenýän institutymyzyň talyplary bilen hytaý dili dersi boýunça sapak geçdi. Sapagyň dowamynda mugallym «Dermanlyk ösümlikler» diýlip atlandyrylan tema boýunça talyplara gyzykly maglumatlary ýetirdi, täze sözler bilen tanyşdyrdy. Sapagyň dowamynda daşary ýurt dillerini öwretmegiň tärleri giňden ulanyldy.

Okuw sapagyny geçmek boýunça bäsleşigiň çäginde geçirilen okuw sapagynyň maksady ýokary okuw mekdeplerinde dil derslerini okatmagy kämilleşdirmekden, «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda özara tejribe alyşmakdan, talyplaryň okadylýan dil derslerine çuňňur düşünmegi üçin mugallymlaryň okatmagyň dürli serişdelerini peýdalanyşyny açyp görkezmekden ybarat boldy.

   

Sona HALYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.