ÝAŞLAR — WATAN GELJEGI

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, 2009-njy ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň «Bilim hakynda Kanuny» kabul edildi we bilim ulgamynyň berk hukuk binýady döredildi. 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny rejelenen görnüşde kabul edildi. Bu Kanun ýurdumyzda bilim ulgamynyň işiniň guralyşyny, bilim babatdaky gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär. Seýle-de bilim işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny we döwlet bilim syýasatynyň ýörelgelerini, bu ulgamyň maksatlaryny, ýerine ýetirýän wezipelerini kesgitleýär.  Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň bilim edaralarynda ähli ugurlar boýunça tejribeli, ussat hünärmenleri taýýarlamagyň ylmy esaslary döredildi. Bu günki günde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşikleri, ylmy bäsleşiklerdir başga-da birnäçe ýaryşlar yzygider geçirilip, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde abyrsyz işler amala aşyrylýar. Ylaýta-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir ajaýyp ýylynyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýlip atlandyrylmagynyň aňyrsynda-da ümmülmez many ýatyr. Çünki biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýaşlara bildirilýän ynam bimöçberdir.

«Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşigini geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2022-nji ýylyň 20-nji dekabrynda çykaran 400 belgili buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşigi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem talyplary gatnaşyp, öňdäki orunlara eýe boldular.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşiginde Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby Şasenem Meýlisowa II orna, Halkara gatnaşyklary hünäriniň 2-nji ýyl talyby Batyr Esenow III orna; Iňlis dili dersi boýunça Halkara žurnalistikasy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Yhlas Atamyradow II orna, Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby Rahmet Soltanow II orna, Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby Baýnazar Nepesow III orna; Rus dili dersinden Halkara žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby Annaberdi Kaşaňow I orna, Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby Selbiniýaz Täşliýewa III orna şeýle-de şu ugurdan toparlaýyn III orna; Matematika dersinden Halkara ykdysady gatnaşyklary hünäriniň 5-nji ýyl talyby Akmyrat Tirkeşow III orna mynasyp boldular. Şeýle-de institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby Serdar Rahymow “BOBEK” birleşiginiň milli hereketi görnüşindäki hukuk guramalary birleşiginiň goldawy bilen Halkara alymlar birleşigi tarapyndan guralan “GDA-nyň göreldeli ýaş alymy 2022” atly taslamasynyň ýeňijisi boldy.

2023-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýeňiji talyp ýaşlaryň gazanan üstünliklerine bagyşlanyp çäre geçirildi. Olar "Aýdyň gijeler" hojalyk jemgyýeti tarapyndan milli haryt nyşanly dürli ölçegli telewizorlardyr planşetler bilen sylaglandylar. Talyp ýaşlarymyzyň geljekde hem şular ýaly ýeňişli menzillerde iň öňdäki orunlara mynasyp bolmagyny arzuw edýäris.


Aýnabat NAZAROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň žurnalistikanyň

 nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy.