DAŞARY ÝURT DILLERINI KÄMIL ÖWRENMEGIŇ ÝOLUNDA

Türkmenistanyň Prezidentiniň bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, döwrümize mynasyp, kämil nesli kemala getirmek barada öňde goýan wezipelerinden, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan” ugur alyp, olary durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2022-nji ýylyň 29-nji noýabry we 1-nji dekabry aralygynda institutyň II-V ýyl talyplarynyň arasynda Hünäri boýunça iňlis dili we Hünäri boýunça rus dili dersleri boýunça test geçirildi.

Şeýle testiň geçirilmeginiň maksady “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasynyň wezipelerini ýerine ýetirmekden, daşary ýurt dillerini suwara bilýän zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmakdan, talyplaryň iňlis we rus dillerini bilişiniň umumy derejesini barlamakdan ybaratdyr. Iňlis we rus dilleri boýunça talyplara jemi 50 sany sorag hödürlendi.

Bu testiň netijeleri her bir talybyň geljekde öz üstünde işlemäge we daşary ýurt dillerine kämil erk etmekdäki talaplara mynasyp jogap bermäge, şeýle-de öňde goýan maksatlaryna üstünlikli ýetmäge ýardam eder.


Sona HALYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň

 V ýyl talyby.