Täsirli geçen sergi

2022-nji ýylyň 10-11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisi geçirildi. Türkmenistanyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramyna gabatlanyp geçirilen nobatdaky gözden geçiriliş Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirildi.

Halkara serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň talyplary gatnaşdylar. Şeýle-de, şu ýyl sergä dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan lukmançylyk ulgamynyň wekilleri geldiler.

Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 14-nji jildiniň tanyşdyrylyşy boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda  “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara ylmy-maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş depgini, ilatyň saglygyny goramakda ýeten sepgitleri, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ulgamdaky işjeň gatnaşyklara barha artýan gyzyklanmalary dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.


Dünýägözel ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.