Howanyň üýtgemegi boýunça ikinji milli ýaşlar konferensiýasy geçirildi

2022-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit  merkeziniň we ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda  howanyň üýtgemegi boýunça ikinji milli ýaşlar konferensiýasy geçirildi. Maslahata  gatnaşyjylaryň aglabasy döwletimiziň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary boldy.

Konferensiýanyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň geňeşçisi M.Akmuradow, Bilim ministriniň orunbasary A. Ataýew, Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly ilçisi L.Waýld çykyş etdiler. Şeýle-de Beýik Britaniýanyň Energetika ulgamyndan Ýewropa, Aziýa, Eýran we Türkiýe boýunça sebit ilçisi D.Morreniň howanyň üýtgemegi we bu global meseläni çözmek baradaky çykyşlary diňlenildi.Konferensiýanyň dowamynda BMG we Durnukly ösüş maksatlary, COP-26 we onuň maksatlary, şeýle hem Müsüriň Şarm el-Şeýh şäherinde geçiriljek COP-27 howanyň üýtgemegi baradaky meselelere garaldy. Şeýle hem, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri bolan Halkara Ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby A.Kerimow we 2-nji ýyl talyby Ý.Egirjäýewa geçen ýylda geçirilen işler barada hasabat berdiler.

2021-nji ýylda ilkinji milli ýaşlar konferensiýasynyň institutymyzda geçirilendigi aýratyn belläliklidir. Şeýle konferensiýalary geçirmekden esasy  maksat, umumadamzat ähmiýetli meseleleri çözmekde ýaşlaryň nähili orun eýeleýändigini görkezmekden ybaratdyr.

 

Maksat HALMYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.