Ulag diplomatiýasynyň möwsümleýin okuwy tamamlandy

Häzirki döwürde ulag ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde «Ulag diplomatiýasy» ugruna degişli tassyklanan okuw meýilnamasyna laýyklykda 2022-2023-nji okuw ýylyň I ýarymýylygynda dowam eden fakultatiw okuw sapaklarynyň nobatdaky tapgyry ýokary derejede tamamlandy.

Bu okuw sapaklaryna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary işjeň gatnaşdylar. «Ulag diplomatiýasy» ugry boýunça täsirli geçen fakultatiw okuw sapaklaryna işjeň gatnaşan diňleýji talyplara ýörite Şahadatnamalar gowşuryldy.


Ahmet MUHANOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

 ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.