Türkmenistan we Ýewraziýa ykdysady birleşmesi: halkara ykdysady integrasiýasynyň geljekki mümkinçiliklerine bagyşlanan okuw maslahaty

2022-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ulag diplomatiýasy okuw merkezinde “Türkmenistan we Ýewraziýa ykdysady birleşmesi: halkara ykdysady integrasiýasynyň geljekki mümkinçilikleri barada” atly okuw sapagy geçirildi.    

Bu okuw sapagyna institutyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Bu okuw sapagynda Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy, dosent Öwezmyrat Bäşimow talyplara Türkmenistan Ýewraziýa söwda-ykdysady gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak işinde ulag ulgamynyň ähmiýeti, hususan-da, Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky Günorta – Demirgazyk we Gündogar – Günbatar ugurlary boýunça magistral akymlaryň birleşdirilmegine gönükdirilen başlangyçlar barada gürrüň berdi. Bu bolsa ŞHG-niň döwletleri üçin uly mümkinçilikleri döredýär hem-de Ýewraziýa söwda-ykdysady gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we sebitara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär. Aýratyn-da, iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmekde, Ýewraziýa giňişliginde energetika akymlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy arkaly Türkmenistan bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mümkinçiliklerini birleşdirmek arkaly energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada bellenilip geçildi. Okuw sapagynyň dowamynda sebit durnuklylygyny  berkitmäge, Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmäge, onuň sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna netijeli aralaşmagyna oňyn täsirini ýetirmäge gönükdirilen Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň strategiki ähmiýeti barada aýdyldy.

Halkara ykdysady integrasiýasynyň ykdysady, tehniki we medeni hyzmatdaşlygy ilerletmek, sebitiň dünýä söwdasyndaky ornuny artdyrmak, agza döwletleriň dünýä ykdysadyýetine yzygiderli utgaşygyny üpjün etmek, sebitiň halklarynyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary berkitmegiň geljekki mümkinçilikleriniň netijeli boljakdygy  bellenildi.


Altyngözel ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara  gatnaşyklary institutynyň

 Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.