Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol

2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistan we Rumyniýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sanly ulgam arkaly tegelek stol geçirildi. Bu wideoşekilli duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory, G.Ýusupowa, Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň Baş direktory L.Propesku-Birlan, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy B.Karaýew, Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň Syýasy derňew kafedrasynyň mugallymy D. Mateýesku, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy H.Nurmämmedow, Babeş-Bolýai uniwersitetiniň gözlegçisi I. Ýohan dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň bilelikde 30 ýylyň dowamynda ýetilen sepgitleri we iki dostlukly döwletiň arasyndaky ileri tutulýan hyzmatdaşlygyň ugurlary barada giňişleýin gürrüň etdiler


Döwletýar ARÇAMYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.