TÜRKMENIŇ GELJEGI - SAGDYN ÝAŞ NESLIDIR

2022-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary tarapyndan ýurdumyzyň bilim ojaklaryndan biri bolan 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebinde "Çagalaryň hukuklary" temasy boýunça sapak geçirildi. Bu okuw sapagy talyplaryň ilkinji mugallymçylyk tejribesi boldy hem-de mekdep okuwçylary öz hukuklary bilen ýakyndan tanyşdylar. Halkara çagalar güni mynasybetli geçirilen okuw sapagyň dowamynda sorag-jogap alyşmak, gyzykly oýunlary oýnamak bilen mekdep okuwçylary öwrenen zatlaryny has hem berkitdiler.

Halkara çagalar güni 1989-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýanynyň kabul edilmegi bilen her ýyl giňden bellenilip gelinýär. Ähli çagalaryň hukuklarynyň kanuny esasda hökmany durmuşa geçirilmegini kepillendirýän halkara konwensiýany Türkmenistan 1991-nji ýylyň 4-nji noýabrynda tassyklady.


Durdynýaz GUWANJOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.