
2023-nji ýylyň 17-nji martynda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň şanly 15 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi öz işine başlady.
Bu sergi döwrebap derejede gurnalyp, hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna, ýurdumyzyň telekeçilerine berilýän döwlet goldawlarynyň öz miwelerini berýändigine şaýatlyk edýär. Sergä birleşmäniň dürli ugurda iş alyp barýan 200-den gowrak agzasy öz önümleri bilen gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň şanly 15 ýyllygy mynasybetli guralan sergä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary hem gatnaşdylar. Ýaşlaryň şeýle ýokary derejedäki çärelere yzygiderli gatnaşmagy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda ýaşlara bildirilýän ynamyň uludygyny ýene bir gezek aýdyňlygy bilen subut edýär.
Döwletmyrat GURBANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.