Türkmen-rus onlaýn maslahaty

  1-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanyň bitaraplygy ikitaraplaýyn türkmen-rus gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugry hökmünde” atly onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Batyr Nyýazlyýew we institutyň ýolbaşçylary, professor mugallymlary, şeýle-de geljekki ýaş diplomatlar gatnaşdylar.

  Onlaýn duşuşygyň dowamynda çykyş edenler bitarap ýurtlaryň tejribesi, gapma-garşylyklary we ikitaraplaýyn türkmen-rus gatnaşyklaryny çözmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň möhüm orny barasynda talyp ýaşlara täsirli gürrüň berdiler.

  Duşuşygyň ahyrynda geljekki ýaş diplomatlara  gyzyklanýan soraglary bilen ilçä ýüz tutmaga mümkinçilik berildi, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi berlen soraglara uly şatlyk bilen jogap berdi.