Halkara gatnaşyklary institutynyň gurnamagynda Russiýa Federasiýasynyň we Merkezi Aziýanyň alymlary bilen wideoşekilli geçirilen “tegelek stol” maslahaty

2020-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda  Russiýa Federasiýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýöriteleşdirilen uniwersitetleriniň syýasatçylary, ýolbaşçylary we mugallymlary bilen “tegelek stol” maslahaty geçirildi.

Wideoşekilli geçirilen bu maslahat Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyldy.  Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ählumumy durnukly ösüşini üpjün etmekde özboluşly mümkinçiliklerini we oňyn ornuny bellediler.

Häzirki wagtda syýasy, ykdysady we ynsanperwer  meseleleri çözmek üçin Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji oňyn ählumumy başlangyçlaryna aýratyn isleg bildirilýär.

Çykyşlaryň käbiri Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde has hem ösdürmäge bagyşlanyldy. Çykyş edenler birek-birege hormat goýmak, konstruktiw we strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan döwletara gepleşikleriň ýokary derejesini nygtadylar. Şeýle hem, ylym-bilim ulgamynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň meselelerine aýratyn üns berildi.

Hususan-da, 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwanyň Döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň (uniwersitetiniň) arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça baglanyşylan şertnamanyň ýerine ýetirilişi dogrysynda pikyr alyşyldy.

Şeýle hem, talyp alyş-çalşygy we mugallymlaryň hünär derejesini  kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada maslahatyň dowamynda teklipler berildi.

Şeýle-de, taraplar döwletara gatnaşyklarynyň derwaýys  meseleleri  ylmy işlerde we makalalarda şöhlelendirmegi öwretmek ugrundaky netijeli gatnaşyklaryň dowam etdirilmelidigini aýtdylar. Bu barada Türkmen Döwlet habarlar  agentligi habar berýär.