Täze ýyl baýramçylygynyň şanyna

2021-nji ýylyň  23-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Täze ýyl baýramy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu aýdym-sazly dabara institutyň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň aýdym-saz we tans toparynyň bilelikdäki çykyşlary hem-de ýurdumyzyň estrada aýdymçylarynyň Watanymyzy, Diýarymyzda ýetilýän belent sepgitleri, Täze ýyl baýramyny wasp edýän joşgunly mukamlary we sazandalaryň hoş owazly nagmalary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Dabaranyň dowamynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygy hem-de Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, Baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçirilen iri göwrümli baýramçylyklar dogrusynda taryhy wakalara ser salyndy. Şeýle-de baýramçylyk dabarasynda çykyş eden mugallymlar, talyp ýaşlar şanly ýylyň dowamynda geçirilen halkara ähmiýetli maslahatlar dogrusynda, Watanymyzyň halkara derejesindäki tutýan orny we meseleleri çözmekde netijeli teklipleri, umumadamzat başlangyçlary barasynda söz açyp, Türkmenistan ýurdumyzyň halkara arenasyndaky möhüm ornuny bellediler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdiler, bütin türkmen halkyny, milli Liderimizi Täze ýyl baýramy bilen gutladylar.

Kyýat Ilamanow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.