Täsirli geçen duşuşyk

2022-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäheri bilen doganlaşan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Albukerka şäheriniň häkimi Timoti Metýu Keller we onuň orunbasary Kewin Jeýms türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplarynyň öňünde çykyş etdiler. Paýtagtymyz Aşgabat şäheri bilen Albukerka şäherleriniň doganlaşmagy hakynda şertnama baryp 80-nji ýyllaryň ahyrynda gol çekilipdi. Dünýä ýurtlarynyň şäherleri bilen doganlaşmak halklaryň arasynda hormatly garaýyşlary we ynamy emele getirmäge, pugtalandyrmaga, iki ýurduň diplomatik gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.

Hormatly myhmanlarymyz gözel şäherimiz Aşgabadyň özlerinde ýakymly täsiriň galdyrandygyny belläp geçmek bilen şeýle şäher bilen doganlaşandyklaryna örän buýsanýandyklary barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Täsirli geçen okuw sapagynyň dowamynda Albukerka şäheriniň häkimi Timoti Metýu Keller Albukerka we Aşgabat şäheriniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklar mundan beýläk hem pugtalanar we yzygiderli dowam etdiriler diýip belläp geçdi.


Meýlisowa ŞASENEM,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.