SUW DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyñ 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynda “Hazar deñzinde hyzmatdaşlyk: ýetilen sepgitler we mümkinçilikler” atly tema boýunça okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyny Türkmenistanyñ Hazar deñzi institutynyñ Maglumat howpsuzlygy we seljeriş müdirliginiñ başlygynyñ orunbasary Gülşirin Çarygulyýewa alyp bardy. Türkmenistanyñ Hazar deñzi institutynyñ wekili 2003-nji ýylyň noýabrynda işlenip taýýarlanylan we gol çekilen Hazar deňziniň gurşawyny goramak barada Çarçuwaly konwensiýasynyñ (Tähran konwensiýasy) ähmiýeti we mazmuny dogrusynda giñişleýin gürrüñ berip, bu Konwensiýanyñ goşmaça teswirnamalarynyñ her biriniñ üstünde aýratynlykda durup geçdi. Şeýle hem, ol 2014-nji ýylda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Astrahan şäherinde geçirilen IV sammitiniň netijeleri boýunça «Hazar deňziniň gidrometereologiýasy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda», «Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlyk hakynda» we «Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda» Ylalaşyklara gol çekilendigini belläp geçdi. Talyplar üçin suw diplomatiýasy boýunça nobatdaky okuw sapagy örän täsirli boldy. Onda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap tapdyrlar.

  

Töfe HOŞANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara jemagat hukugy ugrunyň magistranty.