Institutyň talyplary sanly ulgam arkaly aýlyk synag testleri tabşyrdylar

2022-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary sanly ulgam arkaly aýlyk synag testlerini tabşyrdylar. Talyplara test çözmek üçin her bir sapaga aýratynlykda takyk wagt kesgitlendi.

Aýlyk synag testleriniň alnyş tertibiniň ýokary guramaçylykly geçmegine gözegçilik etmekligi degişli mugallymlara berkidildi. Talyplar öz okaýan hünär ugurlarynda ýöriteleşen derslerinde geçen temalary esasynda düzülen test soraglaryny kompýuter tehnologiýasy arkaly tabşyrdylar.

Sanly ulgamyň bu giň mümkinçilikleri hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda döredip berýän giň mümkinçilikleriniň bu institutda hem giňden ornaşdyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr.


Döwletgeldi ÖWEZGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.