Ýaşlar maslahaty geçirildi

2022-nji ýylyň 31-nji oktýabry – 1-nji noýabry aralygynda Türkmenistanda BMG-niň düzümleýin edaralary, ýaşlaryň öz jemgyýetleriniň we ýurdunyň ösüşi üçin alnyp barylýan işlere gatnaşmagyny üpjün etmek, durnukly çemeleşmeleri öňe sürmek, şeýle hem Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine goldaw bermek maksady bilen, Ýaşlar maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda ýaşlaryň ýurdumyzyň ösüşine goşýan goşantlarynyň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy we  Ýaş ilçiler bäsleşiginiň ýeňijileri bilen özara pikir alşyldy. Maslahatyň ahyrynda işjeň çykyş eden gatnaşyjylara Hormat hatlary gowşuryldy.

 

Ýupar EGIRJÄÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara ykdysady gatnaşyklary

fakultetiniň II ýyl talyby,

 Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Ýaş ilçisi.