Bilimleri baýlaşdyran bäsleşik

Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň, “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň gurnamagynda 2022-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Brain-Ring” bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplar topary gatnaşdylar.

Bu bäsleşigiň baş maksady Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlaryndan okaýan talyplarynyň BMG-niň, onuň ulgamyna girýän halkara guramalaryň, şeýle hem döwletleriň halkara guramalarynyň ýanyndaky wekilhanalarynyň döreýşine, gurluşyna, ýörelgelerine we işiniň usullaryna, maksatnamalaryna, olaryň häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň ulgamynda tutýan ornuna bolan düşünjelerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, BMG-niň halkara guramalary bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, görnüşleri, göwrümi we ähmiýeti barada bilimlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu bäsleşik gyzgalaňly ýagdaýda geçdi.

Bäsleşigiň birinji tapgyry boýunça toparlar berlen tema arkaly 3 minudyň dowamynda prezentasiýa bilen çykyş etdiler. Çekeleşikli geçen bu tapgyryň netijesinde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň toparlary üstünlikli çykyş edip, final tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik gazandylar. Iki toparyň arasynda badalga berlen final oýny has hem çekeleşikli, gyzykly wakalara baý boldy. Maksadyna okgunly talyplaryň final tapgyryna mahsus bäsleşmesiniň netijesi ýeňijini yglan etdi.

Şeýlelikde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplaryndan jemlenen topar bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Ýeňiji bolan topara Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlar we bäsleşigiň göçme kubogy gowşuryldy.


Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.


https://ashgabat.in/2022/10/26/asgabat-saherindaki-yokary-okuw-mekdeplerin-arasynda-bmg-guni-mynasybetli-baslesik-gecirildi/