ŞAHADATNAMALAR GOWŞURYLDY

2023-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde “Suw diplomatiýasy” ugry boýunça 2022 -2023-nji okuw ýylynyň I ýarym ýyllygynda fakultatiw okuw sapaklarynyň nobatdaky tapgyrynyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Dabarada institutyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň öwreniji mugallymy T.Hoşanowa çykyş edip, talyplary fakultatiw okuw sapaklarynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady hem-de olara degişli şahadatnamalary gowşurdy.

Dabaranyň ahyrynda talyplar ýurdumyzda döwrebap bilim almak üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.


Sona KERIMOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara jemagat hukugy ugrunyň magistranty.