“MEDENIÝET – PARAHATÇYLYGY DÖREDIJI GÜÝÇ” ATLY REFERAT BÄSLEŞIGI

2022-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO klubynyň hem-de “Paýhas we parasat” ylmy gurnagynyň agzalarynyň arasynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen gününe bagyşlanyp referat ýazmak boýunça ylmy bäsleşik geçirildi.

Bu bäsleşigiň şertlerine görä, talyplar BMG-niň bilim, ylym we medeniýet baradaky ýörite edarasy bolan ÝUNESKO-nyň konwensiýalaryny, maksatnamalaryny, halkara günlerini, bu guramanyň dünýäde medeneniýetiň üsti bilen parahatçylygy gorap saklamak ugrunda alyp barýan işlerini içgin öwrenip, şolar esasynda öz ýazan temalary boýunça çykyş etdiler.

Geçirilen ylmy bäsleşigiň maksady, talyplaryň ÝUNESKO baradaky gyzyklanmalaryny artdyrmak, onuň komititetleriniň işlerini, konwensiýalaryny, bu guramanyň parahatçylyk taglymatlaryny içgin öwrenmek bolup durýar.

Bäsleşikde Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby Şasenem Meýlisowa 1-nji orna, Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby Döwletýar  Arçamyradow  2-nji orna,  Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby Hojamyrat Baýlyýew 3-nji orna mynasyp bolmagy başardylar. Şeýle hem Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary Aýşat Aşyrowa, Annagözel Mekanowa, Batyr Esenow, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby Kakageldi Akmyradow, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby Gülöwser Rejepowa höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular. Ýeňiji talyplar “Paýhas we parasat” gurnagynyň taýýarlan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.


Arslan SYÝAHATOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.