Sanly žurnalistika boýunça okuw maslahaty

2022-nji ýylyň 24-27-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi guramasynyň hyzmatdaşlyk etmeginde Sanly žurnalistika boýunça okuw maslahaty geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer  ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet  uniwersitetiniň wekilleri we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy hünäriniň talyplary gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar öz materiallary bilen çykyş edip, sanly žurnalistikanyň kämillige ýetmekliginiň orny hakynda gürrüň etdiler. Mundan başga-da, her bir žurnalistiň özüniň ukyp-başarnyklary hakynda aýdylyp geçildi. Maslahata gatnaşyjylar Sanly žurnalistika boýunça gyzyklanýan soraglaryny berip, olar hakynda giňişleýin maglumat aldylar.


Uzukjemal ANNAMYRADOWA, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.


Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!