Sanly ulgam arkaly nobatdaky okuw sapagy geçiridi

2022-nji ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň gurnamagynda ulag diplomatiýasy boýunça okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyna Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Bu okuw sapagy «Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe» ulag geçelgesi («Lapis Lazuli») boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda gol çekilen ylalaşygyň ähmiýeti» atly tema boýunça geçirildi. «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary Sähra Amanowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Täçnabat Paýtykowa lazurit ugry Orta Gündogary Ýewropa bilen  baglanyşdyrýan halkara multimodal ulag-üstaşyr geçelgesiniň taryhy ähmiýeti barada çykyş etdiler. Sapagyň dowamynda talyp ýaşlar tema degişli özlerini gyzyklandyrýan soraglaryny berdiler.


Täçnabat PAÝTYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş

 ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.