Diplomatlar “tegelek stol” maslahatynda

2020-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň arasynda teleköpri arkaly “tegelek stol” maslahaty geçirildi.

Maslahat Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Begenç Mätliýew we Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň direktorynyň orunbasary Ileana Rakerunyň alyp barmagynda iňlis, türkmen dillerinde geçirildi.

Maslahata gatnaşyjylar iki ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk, türkmen-rumyn gatnaşyklary barada çykyş etdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk dabarasynyň bellenilmegine-de aýratyn ähmiýet berdiler.

Maslahatyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň şanly 75 ýyllygyna we Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäginde 2020-nji ýylyň 27-29-njy oktýabrynda BMG-niň sebitara modeliniň ilkinji konferensiýasy barada gürrüň edildi. Bu çäre, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen BMG-niň Aşgabatdaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy merkezi bilen bilelikde gurnaldy.

BMG-niň Modeliniň işine hususan-da, diplomatiýa we halkara gatnaşyklary hünäri bolan ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň wekilleri hem gatnaşdy. Maslahata gatnaşyjylar, işiniň çäginde şuňa meňzeş çäreleri gurnap, BMG-niň bu Modeliniň çäginde gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Maslahatyň ahyrynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da berkemegi ugrunda uly tagallalar edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa köp sag bolsun aýtdylar.