“Magtymguly, sözlär tili türkmeniň” atly bäsleşik geçirildi

2022-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy bilen “Ýaş žurnalistler”  ylmy-döredijilik  gurnagynyň bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly, sözlär tili türkmeniň” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşige Halkara žurnalistikasy, şeýle hem Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy hünärleriniň 1-nji ýyl  talyplary gatnaşdylar. Bu bäsleşikde talyplar Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen ýakyndan tanyşdyrýan prezentasiýalar bilen çykyş etdiler. Şeýle-de, talyplar türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň dürli temalarda ýazan goşgularyny çeper okadylar.

Emin agzalarynyň gelen adalatly netijeleri esasynda Halkara žurnalistikasy hünäriniň talyplary bäsleşigiň ýeňijisi diýip yglan edildi.

 

Peristan TÖRÄÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.