«Paýhas çeşmesi – edep terbiýäniň gözbaşy» atly maslahat geçirildi

2022-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyp-ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni, göwrümi uly bolmadyk gurluşlary (gajetleri) aşa köp ulanmak ýaly ýaşlaryň saglygyna ters täsirini ýetirýän ýaramaz endikleri aradan aýyrmak boýunça ýurdumyzyň bilim edaralarynda ýerine ýetirilmeli çäreleriň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan Meýilnamasyna laýyklykda we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmekligi düşündirmek maksady bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  wekilleriniň gatnaşmagynda «Paýhas çeşmesi –  edep terbiýäniň gözbaşy» atly maslahat geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Gülşat Ýusupowa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň müdiri, polisiýanyň podpolkownigi Annadurdy Jyrykow, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili, polisiýanyň maýory Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky  Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Merdan Nuryýew çykyş etdiler. Maslahata gatnaşyjylar talyp ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmekligi, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmagyny gazanmaklygy, hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaklygy, hukuk bozulmalaryny duýdurmaklygy, jenaýatçylygyň öňüni almaklygy hem-de türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri, milli däp-dessurlarymyzy, watansöýüjiligi, milli mirasymyza hormat goýmaklygy, zähmeti söýmekligi, arassa ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekligiň täze many-mazmuna eýe bolýandygy barada öz çykyşlarynda belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eziz Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barmakda we sagdyn, watansöýüji ýaşlary kemala getirmekde amala aşyrýan beýik işleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.


AÝNA BABAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby.