«Parahatçylygyň ýaş çaparlarynyň» umumy okuw sapagy geçirildi

2023-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlar mekdebiniň gurnamagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň 3-nji oýnunyň temasy bilen baglanyşykly bäsleşige gatnaşýan mekdep okuwçylary üçin umumy okuw sapagy geçirildi.

Bilşimiz ýaly, akyl-paýhas bäsleşiginiň «Dialog-parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti» atly umumy şygar astynda geçirilýän bu möwsümiň 3-nji oýnunyň «Gadymy Müsüriň we Mesopotamiýanyň medeni-diplomatiki mirasy: Ýakyn we Orta Gündogar  üçin parahatçylyk sapaklary» atly tema boýunça umumy okuw sapagyny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň sözlükçilik, adalgaşynaslyk we söz medeniýeti bölüminiň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent Akmyrat Babaýew geçirdi.

Bu okuw sapagyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden mekdep okuwçylary hem teleköpri arkaly gatnaşdylar. Mekdep okuwçylary tema bilen bagly özlerini gyzyklandyrýan sowallary berip, özleriniň bilim endiklerini kämilleşdirdiler.


Kakageldi AKMYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.