Öwüt-ündew maslahaty geçirildi

2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyp oglanlaryň arasynda sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek, kanunbozulmalaryň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň,Türkmenistanyň Ýokary Kazyýetiniň Berkararlyk etrap wekilleriniň gatnaşmagynda “Ogul atadan görelde almasa, öwüt almaz” atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy işleri boýunça prorektory Begenç Mätliýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başygynyň orunbasary Döwletgeldi Durdymuhammedow, Türkmenistanyň Ýokary Kazyýetiniň Berkararlyk etrap Kazyýetiniň maslahatçysy Parahat Çaryýew çykyş etdiler.

Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda ýaş nesliň kemala gelmekleri, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri babatynda uly üns berilýändigi, ýaşlary terbiýelemekde we olaryň sazlaşykly ösmeginde türkmençilik ýörelgelerine eýerilýändigi barada şeýle hem zyýanly endiklerden daşda durmak hakynda anyk mysallar arkaly gürrüň berdiler.Şeýle-de edilen çykyşlaryň dowamynda ýurdumyzda raýatlaryň arasynda ýol hereket kadalaryny hem-de howpsuzlygyny doly berjaý etmek, ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni saklamak, jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi alyp barmak, zyýanly endiklere baş goşmazlyk we olaryň öňüni almak babatynda hem bellenilip geçildi.

Maslahatyň ahyrynda halkymyzyň sagdyn, parahat, asuda durmuşda ýaşamaklaryny üpjün edýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş sözleri aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek babatda alyp barýan ähli tutumlarynyň rowaç bolmagy arzuw edildi.


Beggeldi GUTLYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

 Hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.