Onlaýn “tegelek stol” maslahaty

2020-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda  Päkistanyň Daşary işler ministrliginiň Daşary işler gullugynyň akademiýasy we institutyň ýolbaşçylar toparynyň gatnaşmagynda, türkmen Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn “tegelek stol” maslahaty geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň  ylmy işler boýunça prorektory Begenç  Mätliýew gutlag sözi bilen çykyş edip,  Türkmenistanyň parahatçylyga we hoşniýetlilige esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny, bitaraplyk ýörelgelerini we bu halkara meselelerini syýasy we diplomatik usullar arkaly çözmek, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, "Açyk gapylar" syýasaty dogrusynda gürrüň etdi.

Şeýle-de, Päkistanyň Daşary işler ministrliginiň Daşary işler gullygynyň akademiýasynyň müdiri Muhammet Wasif  köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň bitaraplygynyň halkara jemgyýetçiliginiň derwaýys meselelerini çözmekde, döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň usullary hökmünde özüni tanadandygyny we Pakistanyň hemişelik dost we ygtybarly syýasy hyzmatdaşy bolandygyny we bolmagyny dowam etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar syýasy, ykdysady we ynsanperwerlik meselelerini çözmekde özboluşly mümkinçilikleri we Bitaraplygyň oňyn ornunyň örän ýokarydygyny bellediler we birek-birege hoşniýetli arzuwlar etdiler.