Okuw maslahaty täsirli geçdi

11-14 oktýabr aralagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda sanly žurnalistika boýunça okuw maslahaty geçirildi. 

Maslahata Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy hünäriniň talyplary gatnaşdylar. Sanly wideoargatnaşyk arkaly geçirilen maslahatda çykyş edenler žurnalistika ugrundan bilim alýan hünärmenleriň ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmak maksadynda zerur maglumatlary paýlaşdylar. Şeýle-de, maslahatyň dowamynda özara pikir hem sowal-jogap alşyldy.


Maýsa AŞYROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.


Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!

https://turkmenportal.com/tm/blog/52950/yhggnin-ashgabatdaky-merkezi-zhurnalistlerin-arasynda-okuw-maslahatyny-gechirdi