Okuw maslahaty geçirildi

2022-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara ykdysady gatnaşyklarynda jedelli soraglary çözmekde Halkara arbitraž kazyýetiniň ähmiýeti» atly okuw maslahaty geçirildi. Institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy tarapyndan gurnalan maslahata institutyň mugallymlary we “Ýaş ykdysatçylar” ylmy gurnagynyň agzalary gatnaşdylar.

Okuw maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň şäher komitetiniň agzasy Ata Temirow halkara ykdysady gatnaşyklarynda ýüze çykýan jedelli meseleleri çözmekde Arbitraž kazyýetiniň orny, bu ugurdaky dünýä tejribeleri barada gürrüň berdi. Maslahatda şeýle hem institutymyzyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy Perhat Çaryýew çykyş edip, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan  işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi.

Maslahatyň barşynda talyplar çykyş edenlere özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler.


Farhat ŞARIPOW, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara ykdysady gatnaşyklary

 fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.