Ykdysady diplomatiýa ugry boýunça okuw sapagy

2022-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň guramagynda ykdysady diplomatiýasy ugry boýunça okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyny institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Begmyrat Ataýew alyp bardy. Bu okuw sapagy “Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasy we milli bähbitleri goramak wezipeleri”  atly tema boýunça geçirildi. Sapagyň dowamynda häzirki döwürde döwletleriň daşary syýasatynyň ykdysady ugry boýunça giňişleýin maglumatlar berildi. Has takygy, Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasy we onuň kemala gelmegi, döwletiň daşary syýasatynyň we onuň alyp barýan halkara işjeňliginiň düzüm bölekleri, häzirki döwürde ýurduň ykdysady ösüşiniň wajyp orny, ähmiýeti we milli bähbitleri goramak barada giňişleýin gürrüň berildi. Umumy sapagyň dowamynda talyp ýaşlar mugallyma özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler.



Nedir AGAÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

Halkara ykdysady gatnaşyklary 

 fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.