Birleşen Milletler Guramasynyň güni mynasybetli bäsleşik

2022-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň güni mynasybetli Dünýä dilleri kafedrasynyň “Lingvo World” gurnagynyň, şeýle hem Halkara gatnaşyklary fakultetiniň “Ýaş diplomatlar” gurnagynyň guramagynda institutyň ähli fakultetleriniň birinji ýyl talyplarynyň arasynda “Traditions of Peace and Non-violence” atly zehin bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik iňlis dilinde geçirildi. Bäsleşikde dört topar, her fakultetden bir topar aşakdaky görkezilen şertler boýunça bäsleşdiler:

1) BMG-niň esasy guramalary barada çykyş etmek;

2) BMG-niň taryhy, gurluşy, alyp barýan işleri barada soraglara jogap bermek;

3) Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada iňlis dilinde gürrüň bermek.

Bäsleşigiň esasy maksady talyplaryň daşary ýurt dillerini kämilleşdirmek we sözleýiş endiklerini ösdürmek, şeýle hem BMG-niň esasy we ýöriteleşdirilen edaralary baradaky bilimlerini giňeltmekden ybaratdyr.

Şu nukdaýnazardan, institutyň Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymlaryndan düzülen emin agzalary ýeňijileri yglan etmekde öran adalatly çemeleşdiler. Netijede 1-nji orna Halkara hukugy fakultetiniň topary, 2-nji orna Halkara gatnaşyklary fakultetiniň topary, 3-nji orna Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň topary mynasyp boldy.

Jahantäç Öwezowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.