BÄSLEŞIK GYZGALAŇLY GEÇDI

2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda I, II ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Bitaraplyk – hyzmatdaşlygyň we ösüşiň binýady” atly bäsleşik geçirildi. Institutyň Dünýä dilleri kafedrasynyň “Lingvo World” gurnagynyň guramagynda geçirilen bäsleşik iki tapgyrdan ybarat boldy. Täsirli geçen bäsleşigiň birinji tapgyrynda talyplar iňlis dilinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýeti, taryhy we hukuk esaslary barada prezentasiýa bilen çykyş etdiler. Ikinji tapgyrynda Türkmenistanyň Bitaraplygy we daşary syýasaty barada soraglara jogap berdiler.

Bäsleşik talyplaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, özbaşdak pikirlenmek, işlemek endiklerini artdyrmak, dil endiklerini ösdürmek maksady bilen geçirildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary I orna, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary II orna, Halkara hukugy we Halkara žurnalistikasy fakultetleriniň talyplary III orna mynasyp boldular.

 

Berdigylyç ÝAZMYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

  Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.