AKYL-PAÝHAS BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň "Ýaş diplomatlar" ylmy gurnagynyň agzalarynyň arasynda “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige ylmy gurnagyň agzalary “Gadymy Marguşdan Parfiýa çenli parahatçylyk sungatynyň siwilizasion ýörelgeleri” atly tema boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşikde "Ýaş diplomatlar" ylmy gurnagynyň agzalary Baýlyýew Hojamyrat, Ýusupowa Leýli, Annamuradow Nurmuhammet we Tagyýewa Aýjahan dagylar ýeňiş gazanyp, Oguz hanyň altyn ýaýy bilen peýkamyna eýe bolmagy başardylar.

“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň diňe bir okuwçylaryň arasynda däl, eýsem, talyp ýaşlarymyzyň arasynda geçirilmegi olaryň taryha, medeniýete bolan gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar.


Arslan SYÝAHATOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.