Hoşallyk maslahaty geçirildi

2022-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wekilleriniň, şeýle-de bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Bu hoşallyk maslahaty hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň we Tatarystan Respublikasynyň ýokary döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy mynasybetli gurnaldy.  

Hoşallyk maslahatynda çykyş edenler Arkadagly Serdarymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permany esasynda Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy bolan «Dostluk» ordeni bilen, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Permany esasynda Tatarystan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy bolan «Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» atly ordeni bilen sylaglanylmagy, Türkmenistana we onuň halkyna tüýs ýürekden goýulýan uly hormatyň, däp bolan türkmen-rus dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň nyşanydygyny belläp geçdiler.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Arkadagly Serdarymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy mynasyp bolan ýokary döwlet sylaglary bilen tüýs ýürekden gutladylar.


Mähriban GANDYMOWA, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

 Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.