Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulylar Geňeşi-ýaşlaryň bagtyýar durmuşynyň kepili

2022-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulylar Geňeşi-ýaşlaryň bagtyýar durmuşynyň kepili” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde institutda hereket edýän Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Ismaýyl Ýakubow, Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy  Dürli Ballyýewa, şeýle hem Ilkinji Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Perhat Çaryýew dagylar çykyş edip, ýaşlara özleriniň öwüt-ündewlerini, gymmatly maslahatlaryny berdiler. Şeýle-de çykyş edenler 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň başlangyjy bilen döredilen haýyr-sahawat gaznasy çagalara tölegli lukmançylyk we bilim hyzmatlaryny berýändigi, olaryň dynç almaklary hem-de beýleki zerurlyklary üçin serişdeleri geçirýändigi barada çärede buýsanç bilen nygtadylar. Şeýle yzygiderli çäreleriň geçirilmegi ýaş nesillerde watançylyk, ynsanperwerlik ýaly oňat gylyk-häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam berýär.


Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

Halkara hukugy fakultetiniň

 I ýyl talyby.