«Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda ýaş alymlaryň ylmy gadamlary» atly forum geçirildi

2023-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda «Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda ýaş alymlaryň ylmy gadamlary» atly halkara onlaýn forumy geçirildi. Oňa daşary ýurtly wekiller,   ýurdumyzyň  ýokary okuw mekdepleriniň proffesor mugallymlary, aspirantlary, ýaş alymlary, talyp-ýaşlary, şeýle hem biziň Halkara gatnaşyklary instutymyzyň  Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymlary A. Omarowa, I. Ýakubow,  Žurnalistikanyň amalyýeti we nazaryýeti kafedrasynyň mugallymy J. Pürjäýewa gatnaşdylar.

Forumyň barşynda  Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A. Ataýew, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň Baştutany J. MakGregor, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň Hemişelik wekili D. Şlapaçenko hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyň rektory N. Kulyýew çykyş edip, halkara giňişliginde we ýurdumyzda   ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda ýaş alymlaryň ylmy gadamlarynyň   uly ähmiýete eýe bolýandygyny nygtadylar. Çykyş edenleriň aýtmaklaryna görä, Türkmenistanda ykdysadyýete sanlylaşdyrmakda, bu işe  ýaşlary çekmekde önjeýli işler durmuşa geçirilýär.

Forumyň  soňunda oňa ýurdumyzdan gatnaşyjylar ata Watanymyz Türkmenistanda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda, ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, ýaşlara geljegi gurujylar hökmünde ýokary ynam bildirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.


Aýjan OMAROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

Halkara hukugy we deňeşdirme

 hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy.