Ýapon dili hepdeligi

2022-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Dünýä dilleri kafedrasynyň “Lingvo World” gurnagynyň guramagynda “Türkmen-ýapon gatnaşyklary. Ýaponiýanyň täsinlikleri” atly ýapon dili hepdeliginiň jemleýji çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy hakynda çykyşlar edildi. Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary dabaranyň başynda Ýaponiýanyň täsinlikleri, bu ajaýyp ýurduň gözellikleri dogrusynda prezentasiýa esaslanyp çykyş etdiler.

Hepdeligiň we çäräniň esasy maksady talyplaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge we dünýä döwletleri baradaky bilimlerini çuňlaşdyrmaga bolan höwesini artdyrmakdan ybaratdyr.

 

Dünýägözel BABAHANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Dünýä dilleri kafedrasynyň öwreniji mugallymy.