Tämizlige ygrarlylyk

2022-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary ýokary okuw jaýynyň çäginde degişli arassaçylyk işlerini geçirdiler. Ýeri gelende belläp geçsek, bu arassaçylyk işi ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şäheriň arassaçylygyny saklamak maksady bilen gurnalýar. Talyplar arassaçylyk işleriniň dowamynda bag nahallaryna ideg edip, ýan-ýodalarda tämizlik işlerini ýerine ýetirdiler.


Halbibi SATLYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň

 1-nji ýyl talyby.