Fransuz dili dersi boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin olimpiadasy

2022-nji ýylyň 28-29-njy maýynda Fransiýa Respublikasynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky ilçihanalarynyň ýardam bermeginde fransuz dili dersi boýunça wideo aragatnaşyk arkaly ikinji gezek Merkezi Aziýanyň 5 Respublikasynyň (Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň) gatnaşmagynda ders bäsleşigi geçirildi.

Ders bäsleşigi mekdep okuwçylarynyň, fransuz dilini hünär maksatnamasy boýunça we ikinji daşary ýurt dili hökmünde öwrenýän talyplaryň, fransuz dili mugallymlarynyň, terjimeçileriň we fransuz dilini öwrenijileriň arasynda geçirildi.

Bu bäsleşik 3 tapgyrda geçirilip, birinji tapgyr test sowalnamalaryndan ybaratdy. Bäsleşigiň ikinji tapgyry bolsa, onlaýn diktant görnüşinde geçirildi. Üçünji tapgyry birinji we ikinji tapgyrdan üstünlikli geçen gatnaşyjylar bilen onlaýn söhbetdeşlik arkaly geçiriler.

Bu internet ders bäsleşigine fransuz dili okuw maksatnamasynyň çäginde öwrenilýän Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary hem talyplary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň fransuz dili mugallymy Ogulbeg Gazakowa, Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Laçyn Hojaýewa, şol fakultetiň 2-nji ýyl talyby Selbi Ilýasowa, Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Zulfiýa Ýaňabaýewa, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Arslankerim Kerimow dagylar gatnaşdylar.

Daşary ýurt dillerinde, hususan-da fransuz dilinde dürli bäsleşikleriň geçirilmegi ylym, bilim, medeniýet ulgamynda türkmen-fransuz gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine ýardam edýär.


Laçyn HOJAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

 gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby.