“Bilim – ýagty geljegiň açary” atly zehin bäsleşigi

2022-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ähli fakultetleriň talyplarynyň arasynda  iňlis diline “Bilim – ýagty geljegiň açary” atly zehin bäsleşigi geçirildi. Institutyň Dünýä dilleri kafedrasynyň “Lingvo World” gurnagynyň gurnamagynda geçirilen bäsleşik üç tapgyrdan ybarat boldy. Täsirli geçen bäsleşigiň birinji tapgyrynda talyplar umumy bilimler barada soraglara jogap berdiler. Ikinji tapgyrynda talyplaryň arasynda “Spelling Bee” ýaryşy geçirildi. Bäsleşigiň üçünji tapgyrynda bolsa talyplar iňlis dilinde bilim barada dana sözleri ara alyp maslahatlaşdylar we ylym-bilim barada prezentasiýalar bilen çykyş etdiler. Şeýle hem talyplar iňlis dilinde Magtymguly Pyragynyň we beýleki şahyrlaryň goşgularyny iňlis dilinde okap, özleriniň daşary ýurt dillerini öwrenmekdäki başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşik talyplaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, özbaşdak pikirlenmek, işlemek endiklerini artdyrmak, bilimiň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen geçirildi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary I orna, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary II orna, Halkara hukugy fakultetiniň talyplary III orna mynasyp boldular.


Güljahan Garlyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.


Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!

ttps://turkmenportal.com/tm/blog/47644/v-turkmenskom-vuze-proshel-breinring-na-angliiskom-yazyke