“Edep bilen bagt tapylar” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

  15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan “Edep bilen bagt tapylar” atly terbiýeçilik ähmiýetli duşuşyk geçirildi. Duşuşyga institutyň Zenanlar guramasynyň başlygy Almanar Ýazberdiýewa, institutyň şepagat uýasy Gülbegi Mämmetsähedowa, Aşgabat şäherinde ýerleşýän Kömekçi mekdebiň mugallymy Ogulgerek Annasaparowa, şeýle-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

  Duşuşygyň “Edep bilen bagt tapylar” diýlip atlandyrylmagynda uly many-mazmun bar. Çünki, bu ýerde adamzadyň jemgyýetde özüni alyp barmagyň medeniýeti, ula-kiçä hormat goýmak, gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyza sarpa goýmak, milli ýörelgelerimizi dowam etdirmek, sagdyn durmuş ýörelgeleri, dogry iýmitlenmek, pasyla görä geýinmek, şahsy gigiýenany dogry berjaý etmek ýaly peýdaly maslahatlar berildi.

  Duşuşygyň dowamynda ýaşlaryň arasynda terti-düzgün, ýaşlaryň hukuk bozulmalara, ýaramaz endiklere baş goşmazlygy, korrupsiýanyň we parahorlugyň biziň neslimize ýetirjek zyýanlary, “Korrupsiýa hakyndaky”, “Döwlet gullugy hakyndaky” Türkmenistanyň kanunlary barada durlup geçildi.

  Aşgabat şäherinde ýerleşýän Kömekçi mekdebiň mugallymy Ogulgerek Annasaparowanyň Gahryman Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi” kitabyndaky “Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen – tagt”, “Edep – bergidir, bermedige – görgüdir” ýaly adama täsir ediji jümleleriň üsti bilen durmuşdan alnan wakalary, rowaýatlary gürrüň bermegi, talyp gyzlarda uly täsirleri galdyrdy.

  Duşuşygyň ahyrynda külli türkmen halkyny bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine  tarap ynamly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il bähbitli ýurt ähmiýetli işlerinde rowaçlyklaryň ýar bolmagy arzuw edildi.


                                                                           Gytja Atdaýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby