“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar: mukaddes ynama wepaly nesil“ atly şygar astynda geçirilen maslahat

2022-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Tükmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahaty, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi,  Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar: mukaddes ynama wepaly nesil” atly maslahat geçirildi. Maslahata institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.Maslahatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Kerimguly Geldiýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Döwletgeldi Durdymuhammedow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bölüm müdiriniň orunbasary Didar Hydyrow  çykyş etdiler. 

Çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegi, hut 2023-nji ýylyň adyny bolsa “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzda ýaşlar barada alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy dogrusynda  belläp geçdiler.  Hususan-da, ýaşlar bilen bagly meseläni döwlet syýasaty derejesine çykaran Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garap, olara uly ynam bildirýändigini nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiziň belent ynamyny ödemek bolsa her bir türkmen raýatynyň aýratyn hem ýaşlaryň mukaddes borjudyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlarymyzyň şol ynamdan gözbaş alýan beýik işlere abraý bilen hötde geljekdiklerine şek-şübhe ýokdyr.


Şasenem MEÝLISOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.