ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY

2022-nji ýylyň 14-18-nji noýabry aralygyndaÝewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (OSCE) Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly “Adam hukuklary boýunça Halkara kadalary ugurda hyzmatdaşlygy berkitmek” atly taslamanyň çäklerinde okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň maksady degişli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin jenaýat işleri geçirilýän döwründe adam hukuklarynyň ýerine ýetirilişiniň tejribeleri bilen tanyşdyrmak bolup durýar. Okuw maslahatyny Ýuriý Lewinte, Ion Graur we Weronika Wition ýaly halkara bilermenler alyp bardylar.

Okuw maslahatynyň dowamynda çykyş eden halkara bilermenler adam hukuklary babatyndaky halkara resminamalar, olaryň ähmiýeti we adam hukuklaryny goramakda halkara guramalaryň işi barada giňişleýin gürrüň berdiler.


Töfe HOŞANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara jemagat hukugy ugrunyň magistranty.